Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Lebap welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Kämil hukuk ulgamy we durmuş-ykdysady ösüşler – röwşen geljegiň binýady” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan we Ermenistan Respublikalaryna resmi iş saparlary, resmi saparyň dowamynda öňe sürlen halkara başlangyçlar, olaryň taryhy ähmiýeti hem-de ýurdumyzda döredilen kämil kanunçylyk namalary, hukuk namalaryň ýurdumyzyň ösüşindäki orny hakynda giňişleýin çykyşlar edildi. Wagyz-nesihat maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, halkara başlangyçlar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.