2024-11-04
SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugruna okuwa kabul edýär:
I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: psihologiýa-pedagogika bilimi).
Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.
Instituta magistr maksatnamasy boýunça okuwa pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutýan ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamasy (diplomy) bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) 2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda geçirilýär.
Söhbetdeşlik taýýarlygyň “Psihologiýa-pedagogika bilimi” ugry boýunça “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň salgysy:
Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7;
tel.: 3-25-50; 3-04-18.