jero-photo
news-photo

“DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY” ATLY YLMY-AMALY MASLAHATYŇ ÇYKYŞLARYNYŇ BEÝANY ÇAP EDILDI

2025-03-12

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan geçirilen “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň beýany çap edildi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, “Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni” mynasybetli, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda  “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Garyşyk (onlaýn we oflaýn) görnüşde geçirilen maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň 140-a golaýy çykyş etdiler.  

Ylmy-amaly maslahatyň bölümlerinde ýurdumyzda ekologiýa biliminiň ösdürilmegine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň  nutuklarynyň gysgaça beýany “Ylym” neşirýatynda çap edildi.