2025-03-12
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzat paýhasynyň söz senedindäki döreden täsinligidir. Magtymgulynyň döredijiligi hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek, gaýtam ýyl geçdigiçe gadyr-gymmaty artjak ruhy baýlykdyr. Alymlarymyzyň adalatly belleýşi ýaly, Pyragy ähli döwürleriň hem göwünleriň şahyry. Ägirt uly akyl-paýhasyň hem çeperçiligiň, onda-da şygyr sungaty ýaly tebigaty juda näzik şygyr tilsimleriniň bir adamda jemlenmegi aklyňy haýrana goýýar. Magtymguly “Pyragy” bolup türkmeniň adyny arşa çykardy.
Şygryýet syrly sungat. Magtymgulynyň ussatlygy hakynda türkmen we Gündogary öwreniji alymlar birnäçe tutumly işleri ýazdylar. Emma entek-enteklerem şahyryň şygryýetiniň çeperçilik syryny öwrenmek dowam edýär. Ondaky edebi kanunalaýyklar bahalandyrylýar. Meniň hem Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan işlerime döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berlip, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. Şeýle sylaga mynasyp bolanlygyma çäksiz begenýärin hem-de Gahryman Alym Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!
Gahryman hem Mähriban Alym Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin! Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtdan paýly ähli raýatlaryny, il-günümizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn!
Akmyrat Täjimow,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň
usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty