“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 13-14-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda “Sanly bilim” atly festiwal geçirildi. Festiwalyň çäginde ylmy-amaly maslahat, sanly ulgamda gazanylan üstünlikleriň sergisi, şeýle-de elektron okuw toplumlary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu festiwalyň dowamynda biziň ýokary okuw mekdebimizden sanly ulgamymyzy ösdürmeklige goşan goşandy üçin Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Ruslan Dönmezow Bilim ministrliginiň Hormat haty bilen, şeýle-de Elektron okuw toplumlary bäsleşiginde ýeňiji bolan institutymyzyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Diýar Yhtyýarow Bilim ministrliginiň Diplomy bilen sylaglanyldy.