jero-photo
news-photo

Baku şäherinde III Halkara TÜRKIYAT Kongresi geçdi

2025-02-05

       2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-4-i aralygynda Baku şäherinde Türkiýe döwletiniň Medeni we Turizm Ministrliginiň, Azerbeýjan Milli Ylymlar Akademiýasynyň (Azerbeýjan), Çankyry Karatekin uniwersiteti Türkiyat institutynyň (Türkiýe), Mukimiý adyndaky Kokand Döwlet Pedagogik institutynyň (Özbegistan) guramagynda III Halkara TÜRKIYAT (Türk dünýäsinde milli Kimlik we Medeni Miras) atly Kongresi geçirildi. Kongrese Azerbeýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan milli folklor, milli dessanlar bilen içgin gyzyklanýan alymlar, dilçiler, edebiýatçylar öz dokladlary bilen gatnaşdylar. Kongres umumy mejlisden soňra 18 bölümçede öz işini dowam etdi.                                

      Kongresiň Altyn Orda oturumy bölümçesine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şammaýewa başlyklyk etdi we Göktürkler oturumy bölümçesinde “Türkmeniň aňyýetinde erkek oglanyň orny” atly doklad bilen çykyş etdi.