jero-photo
news-photo

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri okuw sapagyny geçirdi

2025-02-17

         2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda 4 tapgyrdan ybarat okuw sapagyny geçirdi. Okuw sapagyny Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn Robert we Anastasiýa Bezborodowa alyp bardy. Sapagyň dowamynda iňlis dili mugallymlarynyň we iňlis dilini öwrenýän talyplaryň döwrebap usullardan peýdalanyp, bilimlerini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny okuw işinde netijeli ulanmak, dil bilimi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barmak we bu gözlegleriň netijeleriniň ylmy makalalarda şöhlelenmegini gazanmak ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen okuw sapagy mugallymlarda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyryp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy boldy.