jero-photo
news-photo

Günorta-Gündogar Ýewropa ülkeleriniň Halkara Matematika olimpiadasy geçirildi

2025-04-25

2025-nji ýylyň 4-9-njy marty aralygynda Albaniya Respublikasynyň Korça şäherinde 19-njy Günorta-Gündogar Ýewropa ülkeleriniň Halkara Matematika olimpiadasy (SEEMOUS-2025) geçirildi. Oňa Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň 100-den gowrak talyplary bilen bir hatarda biziň ýurdumyzdan hem talyplar topary gatnaşdy. Şahsy görnüşde geçirilen olimpiadada gatnaşyjylara Ýokary matematika dersiniň iki bölümi boýunça 4 mysal hödürlenip, olary çözmek üçin 5 sagat wagt berildi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan hem bu olimpiada “Matematika we informatika” hünäriniň talyplary Hanow Gurtgeldi, Şamyradowa Gülnur, Janmyradow Myrat dagylar wekilçilik edip, emin agzalaryň bahalandyrmasy boýunça III orna ýagny, bürünç medala mynasyp boldular.