Mekdep okuwçylarynyň arasynda internet olimpiadalary geçirilýär
2025-04-25
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7, 8, 9, 10, 11, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça internet olimpiadalaryny geçirýär. Internet olimpiada saýlama we jemleýji tapgyrlar diýlip atlandyrylýan iki tapgyrda geçiriler. Saýlama tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her etrabyndan (etrap derejeli şäherlerinden), Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli bolan beýleki umumybilim berýän orta mekdep-internatlaryndan 10 (on) okuwça çenli gatnaşyp biler. Olimpiadanyň saýlama tapgyry 2025-nji ýylyň 2-3-nji aprelinde welaýatlaryň merkezi şäherlerinde we Aşgabat şäherinde Baş bilim müdirlikleriniň ýardamy bilen, institutyň guramaçylyk toparynyň agzalary tarapyndan geçirilýär. Jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde onlaýn görnüşinde geçirilýär. Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.