jero-photo
news-photo

Maslahat geçirildi

2025-04-25

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2025-nji ýylyň 20-nji martynda “Durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ekologiýa ugurly taslamalaryň orny” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Aşgabat şäherinde  geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary forumda beýan edilen esasy ugurlar, Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň mazmuny, ekologiýa abadançylygy barada gürrüňler edildi. Maslahatda türkmen halkyna görelde mekdebi bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini halkara derejesinde dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.