jero-photo
news-photo

Ylmy işleriň halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

2025-04-25

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlarymyza halkara derejesinde geçirilýän ylmy çärelere gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredip berdiler. 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Özbegistan respublikasynyň “Ylmy akademiýa” ylmy-barlag merkeziniň we Ýaşlary goldamak Geňeşiniň bilelikde geçiren ylmy işleriň halkara bäsleşiginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýeňijilik Diplomyna, “Yhlasly zähmeti üçin” nyşanyna mynasyp bolýar. Diýar Yhtyýarow bäsleşige “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky döwletleriň ekologiýa abadançylygyny berkitmek” atly ylmy temasy bilen gatnaşdy.