Okuwçylaryň 4-nji Internet Olimpiadasynyň saýlama tapgyry geçirildi
2025-04-25
2025-nji ýylyň 2-3-nji apreli aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7, 8, 9, 10, 11, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça 4-nji internet olimpiadalaryň saýlama tapgyrlary geçirildi. Olimpiadanyň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden olimpiadaçy okuwçylaryň 2910 sanysy gatnaşyp, olara degişli synpyň okuw maksatnamalary boýunça taýýarlanan ýumuşlar hödürlendi. Ýumuşlaryň ýerine ýetirilişine olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň agzalary tarapyndan gözegeçilik edildi. Jemleýji tapgyra saýlananlar baradaky maglumatlar 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde institutymyzyň web sahypasynda goýlar.