jero-photo
news-photo

Ekologiýa dersinden mekdep okuwçylarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirilýär

2025-04-25

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça internet olimpiadasyny geçirýär. Olimpiada 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde 11-nji synplarda sagat 10:00-da we 12-nji synplarda 14:00-da başlanýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen onlaýn wideo aragatnaşyk arkaly geçiriler.

Olimpiada ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň her etrabyndan, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatyndan, welaýatlaryň merkezi şäherlerinden we etraplaryndan 2 okuwçy (11-nji we 12-nji synplar) gatnaşyp biler. Etraba (ýa-da şähere) wekilçilik etjek okuwçy degişli welaýat (Aşgabat şäher) Baş  bilim müdirligi tarapyndan bäsleşik esasynda saýlanylmaly. Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.