Ýurdumyzyň ÝUNESKO klublary we kafedralary Gazagystanda
2025-06-01
2025-nji ýylyň 14-15-nji aprelinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referentinden ybarat türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasyndaky ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň köp ýyllyk tejribesini öwrenmek, bu ugurda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Almaty şäherinde iş saparynda boldular.
Iş saparynyň ilkinji gününde - 14-nji aprelde türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde ýerleşýän orta, ýokary, döredijilik we sungat mekdepleriniň binýadynda döredilen A.Kasteýew adyndaky sungat we dizaýn mekdebindäki, Al-Faraby adyndaky Gazagystan Milli uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň binýadynda döredilen “Taleýran” ÝUNESKO klublarynda bolup, bu klublaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Iki dostlukly ýurduň ÝUNESKO klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji aprelde günüň birinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň UNITWIN halkara maksatnamasynyň çäginde döredilen Taryhy we medeni mirasy goramakda halkara bilim hyzmatdaşlygy, Al Faraby adyndaky Gazak Milli uniwersitetindäki Žurnalistika we aragatnaşyk, R.B.Suleýmenowa adyndaky Gündogary öwreniş uniwersitetiniň ýanyndaky ylym we ruhy ösüş hem-de durnukly ösüş, Gazak – Nemes bilelikdäki uniwersitetindäki suw çeşmelerini dolandyrmak we Abaý adyndaky Gazagystanyň Milli mugallymçylyk uniwersitetindäki pedagogika boýunça ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Gazagystandaky we Türkmenistandaky hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň esasy alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy we mundan beýläk-de kafedralaryň çäginde ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmekde esas boljak özara tejribeler alşyldy.
Soňra türkmen wekiliýeti 2009-njy ýylda Almaty şäherinde döredilen Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň Sekretariatynda bolup, bu federasiýanyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Milli Federasiýanyň wekilleri ýurdumyzyň ÝUNESKO klublarynyň başlyklaryny özleriniň köp ýyllyk we baý tejribesi bilen tanyşdyryp, federasiýanyň çäginde gurnalýan taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdylar hem-de geljekde özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipleri hödürlediler. Ýurdumyzyň wekiliýeti hem öz gezeginde prezentasiýalar we wideo şekiller arkaly birnäçe ýyllyk iş tejribesi bolan Türkmenistandaky ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işleri bilen öz kärdeşlerini tanyşdyryp, olarda uly gyzyklanma döretdiler.
Gazagystan Respublikasyna gurnalan ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň iş sapary alnyp barylýan işleriň halkara talaplara görä netijeli ýola goýulmagynda we olaryň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim boldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredilmegi milli bilim ulgamynyň we türkmen ylmynyň depginli ösüşlerini, giň mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Munuň özi ÝUNESKO-nyň bilim we ylym taslamalarynyň, maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzda halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milli bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde hem-de ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.