Mekdep okuwçylarynyň arasynda taryh we geografiýa dersleri boýunça internet olimpiadalary geçirilýär
2025-05-19
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmagy, ýurdumyzda bilim bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmagy hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinip 2025-nji ýylyň 13-nji maýynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda taryh dersi boýunça, 9-10-njy synp okuwçylarynyň arasynda geografiýa dersi boýunça internet olimpiadalaryny geçirýär. Internet olimpiadanyň saýlama tapgyry 2025-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli ýurdumyzyň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Baş bilim müdirlikleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine gönümel degişli bolan beýleki umumybilim berýän orta mekdepleriniň müdirleriniň gözegçiliginde geçiriler. Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.