jero-photo
news-photo

Mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça internet olimpiadasy geçirilýär

2025-05-19

         Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça I internet olimpiadasyny geçirýär. Internet olimpiada saýlama we jemleýji tapgyrlar diýlip atlandyrylýan iki tapgyrda geçiriler. Saýlama tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her etrabyndan (etrap derejeli şäherlerinden), Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli bolan beýleki umumybilim berýän orta mekdep-internatlaryndan saýlanyp alnan 15 okuwça çenli  gatnaşyp biler. Saýlama tapgyry institutyň web saýty arkaly (www.tdmugi.edu.tm) onlaýn görnüşinde geçiriler. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry welaýat merkezlerinde guramaçylyk topary tarapyndan geçiriler. Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň


2025-nji ýylyň 29-njy aprelindäki saýlama tapgyryň Zoom salgysy:

https://us06web.zoom.us/j/84698328298?pwd=f5NvIh31oXsFfjLv0WQXlCIfRDuGt9.1

ID: 846 9832 8298

Parol: 123456