Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2025-nji ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär. 21-nji aprelde hepdeligiň açylyşy bolup, onda “Geçmişiň ýaňyny, parahatçylygyň goragyny ebedileşdiren türkmen ýaýlasy” atly edebi-sazly kompozisiýa, döredijilik bilen meşgullanýan talyplaryň şygyrlary şeýle-de, nusgawy türkmen şahyrlarynyň ömrüne, döredijiligine degişli baý ylmy maglumatlar sergide ýaýbaňlandyryldy.
Hepdeligiň dowamynda talyplaryň öz döreden goşgularynyň çeper okalyşyny, wideorolikleriň bäsleşiklerini, talyplaryň çeken suratlarynyň sergisini gurnamak ýaly birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.