jero-photo
news-photo

Russiýa Federasiýasynyň ITMO uniwersitetiniň gurnamagynda Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň 11-nji Halkara matematika bäsleşiginde gazanylan üstünlikler

2025-05-19

    2025-nji ýylyň 20-22-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň ITMO uniwersitetiniň gurnamagynda Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň 11-nji Matematika bäsleşigi (11th North Countries Universities Mathematical Competition) geçirildi.

      Bu abraýly halkara matematika bäsleşigine biziň döwletimiz bilen bir hatarda Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Senegal döwletiniň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden 351 talyp gatnaşdy.

     Bu olimpiada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Matematika we informatika” hünäriniň talyplary gatnaşyp, Hanow Gurtgeldi we Janmyradow Myrat dagylar kümüş medallara mynasyp boldular.