Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda “Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara onlaýn ylmy maslahaty geçiriler. Halkara onlaýn ylmy maslahata ýurdumyzyň hem-de beýleki daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, aspirantlary we hünärmenleri gatnaşarlar.