jero-photo
news-photo

Ýeňiş gününe bagyşlanan ylmy maslahat

2025-05-19

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlary hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi bolan Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 23-25-nji aprelinde geçirilen “Beýik Watançylyk urşy: taryh, çeşmeşynaslyk, taryhnama” atly onlaýn ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.  Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahatda institutyň taryh hem-de roman - german dilleri we edebiýaty fakultetlerinde bilim alýan talyplaryň 20-den gowragynyň çykyşlary diňlenildi. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar oňa gatnaşyjylarda  gowy täsirleri galdyrdy.