Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda “Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde döwrüniň taryhy wakalarynyň çeper beýany” atly onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirilýär. Maslahat umumy mejlisden we 4 sany bölümçeden ybarat. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary maslahata onlaýn görnüşinde gatnaşyp bilerler.