jero-photo
news-photo

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

2024-11-21

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024/2025-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň Ahal, Balkan welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden aşakdaky hünärler  (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýändigini habar berýär:


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary ugry boýunça:

           - başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäri;

           - mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäri;

           - zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hünäri.

 

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary ugry boýunça:

- başlangyç bilimiň  mugallymçylygy we psihologiýasy taýýarlygyň ugry;

- mekdebe çenli bilim we terbiýe taýýarlygyň ugry;

- ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa) taýýarlygyň ugry.  


III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

Bedenterbiýe we sport ugry boýunça:

         - bedenterbiýe hünäri.


Resmi iş kagyzlary:

Ahal welaýaty boýunça: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde (salgysy: Ahal welaýaty, Änew şäheri, Hazar köçesi, 72-njy jaý), tel.: (800137) 4-50-95;

 Balkan welaýaty boýunça: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde (salgysy: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy), tel.: (800222) 2-07-06;

- Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda (salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17) 2024-nji ýylyň            15-28-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri – awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty – awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Balkan welaýaty – awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe – türkmen dili we  edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe – umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan  möçbernamasyny ýerine ýetirmeli, biologiýa,  Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa) – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

mugallymçylyk mekdelerini tamamlan we mugallymçylyk ugurdan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

2020-2024-nji ýyllarda  geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

 2020-2024-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň salgysy:

Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7;

tel.: 3-25-50; 3-04-18.


Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň

saglygy goraýyş barlaglary 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda welaýatlaryň,

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň şu aşakdaky bejeriş-öňüni alyş edaralarynda geçiriler:


AŞGABAT ŞÄHERI:

 

Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: (80012)  36-87-50; 36-87-51.

       Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi: Aşgabat şäheriniň 2097 (Duşenbe) köçesiniň 6-njy jaýy, tel.: (80012) 23-04-60, 23-08-12.

       Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: (80012) 47-84-80, 47-84-88.

       Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumynyň 37-nji jaýy, tel.:

(80012)  97-67-94, 97-67-98.

      

 


ARKADAG ŞÄHERI:

 

         Arkadag şäheriniň Saglyk öýi: Arkadag şäheriniň Berdinazar Hudaýnazarow köçesiniň 5-nji jaýy  (80012) 57-34-01.


AHAL WELAÝATY:

Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: (80012)  26-03-11, 26-03-80.

        Ak bugdaý etrap hassahanasy: Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Azatlyk köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800137) 36-3-30, (80012) 59-44-69.

Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-02, 4-70-08.

Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-1-11, 32-5-10.

Tejen etrabynyň Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23,4-20-25.

         Tejen etrabynyň Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

DAŞOGUZ WELAÝATY:

Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83.

Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56.

Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10.

        Daşoguz şäher 4-nji Saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamyrat Taganow köçesiniň 16-nji jaýy, tel.: (800322) 6-99-65, 6-99-61

 

          Görogly etraby,  etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Görogly şäherçe,T.Ataýew köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800340) 31-8-95,32-1-33.

         Akdepe etraby,  etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Akdepe şäherçe, Watan köçesiniň 46-njy jaýy, tel.: (800344) 3-00-32, 3-20-75.

         Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Andalyp şäheriniň Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.: (800343) 3-15-81,3-03-50, 3-15-71.

         Şabat etraby, etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Şabat şäherçe, Azatlyk köçesiniň 3-nji jaýy, tel.:         (800-348)   31-1-64, 31-3-96.

        Boldumsaz etraby, etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Boldumsaz şäherçesiniň K.Ylýasow köçesiniň 73-nji jaýy, tel.: (800346) 31-2-63, 31-5-72.

        Boldumsaz etraby, Gubadag şäher hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Gubadag şäherçesiniň Aşyr Kakabaýew köçesiniň 17-nji jaýy, tel.: (800346) 21-5-03, 21-4-49.

Köneürgenç etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Köneürgenç şäheriniň G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63.

      S.Türkmenbaşy etraby, etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: S.Türkmenbaşy şäherçesiniň Aşgabat köçesiniň 1-nji jaýy, tel.: (800349) 31-1-01,31-8-94.

     Ruhubelent etraby, etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Ruhubelent şäherçesiniň Döwletli köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800342) 31-1-79, 31-0-23.

BALKAN WELAÝATY:

Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60.

Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78.

Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 6-03-41.


Hazar şäherçe hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800222) 9-40-30, 9-43-00.


Gumdag şäherçe hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-73, 4-11-91.


Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08.


Gyzylarbat etrap hassahanasy: Gyzylarbat ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98.


Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49.


Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-84-00, 4-84-01,       4-04-26.

Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň  13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-06-24, 4-01-39, 4-01-84.


Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

MARY WELAÝATY:

Mary şäher 2-nji Saglyk öýi: Mary şäheriniň Kemine köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800522) 4-68-65, 4-68-57, 4-68-62.

 

Mary şäher 3-nji Saglyk öýi: Mary şäheriniň Bitaraplyk  köçesiniň 32-nji  jaýy, tel.: (800522) 5-26-81, 5-28-58.

 

Baýramaly şäher saglyk öýi: Baýramaly şäheriniň Döwletmämmet Azady köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800564) 3-20-03, 3-18-45.

Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten şäheriniň Atçapar köçesiniň  62-nji jaýy, tel.: (800560) 6-55-23, 6-50-67.

 

Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge şäheriniň  G.Baýnazarow köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800522) 6-01-75,                         5-03-00.

Tagtabazar  etrap hassahanasy: Tagtabazar şäherçesiniň Lukman Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800568) 5-23-58, 5-11-07.

 

Mary etrap hassahanasy: Mary şäheriniň, Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji  jaýy, tel.: (800522) 5-44-92, 5-45-28.

Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar şäherçesiniň Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800558) 6-60-21, 6-60-92.

 

Murgap etrap hassahanasy: Murgap şäheriniň Parahat köçesiniň 33-nji jaýy, tel.: (800522) 6-05-64, (800565) 4-01-58, 4-18-06.

Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň 28-nji jaýy, tel.: (800569) 3-16-87, 3-12-94.

 

Garagum etrap hassahanasy: Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 3-nji jaýy,                               tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Baýramaly etrap hassahanasy: Baýramaly şäheriniň Oguzhan köçesi, tel.: (800564) 3-30-09, 3-32-63.

 

LEBAP WELAÝATY:

 

          Türkmenabat şäheriniň 1-nji Saglyk öýi: Türkmenabat şäheriniň Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.

          Türkmenabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýi: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 113-nji «a» jaýy, tel.: (800422)        3-77-60,  3-82-52, 3-78-77, 3-50-59, 3-50-70.

         Dänew etrap hassahanasy: Dänew şäheriniň S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800446) 2-15-00, 2-03-46, 2-25-03.

 

         Kerki etrap hassahanasy: Kerki şäheriniň S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.


        Darganata etrap hassahanasy: Darganata şäheriniň H.Babaýew köçesiniň 7-nji jaýy, tel.: (800445) 2-01-28, 2-04-65, 2-03-95, 5-12-80.


https://turkmenportal.com/tm/blog/80465