2025-nji ýylyň 14-16-njy maý aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam respublikasynyň Gülüstan welaýatynda ýerleşen Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdiler. Institutyň Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Hudaýnazarow hem bu wekiliýetiň düzüminde bolup, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şanyna Eýran Yslam respublikasynda gurnalýan çärelere gatnaşmak bagty miýesser etdi. Şatlyk Hudaýnazarow çäräniň dowamynda zyýaratyň özünde galdyran täsirlerini hem-de Magtymguly Pyragynyň döwletlilik arzuwlarynyň hasyl bolmagyny şygyr setirlerinde çeper beýan edip, diňleýjilere ýetirdi. Şeýle hem, ol zyýaratyň her bir pursadynyň uly täsir galdyryp, täze eserleri döretmekde ylham badalgasy bolandygyny belledi.