2024-12-03
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň sagdynlygy ugrunda birnäçe giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Taryhy taýdan gysga wagtyň içinde Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň we umumydöwlet çäreleriniň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we ýokary derejeli sportuň ösmegine giň ýol açyldy.
Türkmenistanda ýokary derejeli sport we bedenterbiýe hereketiniň ösmegi şeýle hem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi türkmen ýaşlaryny sporta we bedenterbiýä bolan söýgüsini goşalandyrýar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşaýan her bir ynsanyň arzuw-hyýaly bolýar. Meniň hem çaga wagty eden arzuwlarymyň biri bedenterbiýe mugallymy bolup, ýaş nesilleri beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent, milli ruhda terbiýelemek bilen bir hatarda türkmen sportunyň ösüşine öz goşandymy goşmakdan ybarat. Ynha, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak waka boldy. Çagalykda beslän süýji arzuwlarymyň hasyl bolmagy ajaýyp pursat bolup ýüregime egsilmejek şatlyk eçildi. Bu ýylda maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Bedenterbiýe” hünäriniň talyby bolmak bagty nesip etdi. Men mekdepde okan döwrümde hem sportuň Taekwon-do ITF görnüşi bilen meşgullanyp, etrap, welaýat, döwlet derejelerindäki ýaryşlara yzygider gatnaşyp baýrakly orunlary eýeläp, 2023-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldum. Biz ýaşlar okamaga, hünär öwrenmäge we eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Biz hem öz gezegimizde Eziz Watanymyza, il-günümize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjek hünärmenler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Çaryýewa Maýsa
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Bedenterbiýe” hünäriniň 1-nji ýyl talyby