2025-06-02
2025-nji ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk-2025» atly halkara maslahaty geçirildi. Dabara ýurdumyzyň wekilleriniň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Intizar Ýagmurow hem gatnaşdy. Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň «Ýüpek ýoly» ylmy-barlag institutynyň çäginde Türkmenistany öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkeziniň işe başlanýandygynyň yglan edilmegi has buýsandyryjydyr. Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň taryhyny, medeniýetini öwrenmekde, halkara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda bu ylmy-barlag merkezi aýratyn ähmiýete eýedir.