jero-photo
news-photo

Talyp ýüregimiň buýsanjy

2025-08-21

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamlarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryha altyn harplar bilen ýazylan, arzuwlaryň hasyl bolýan döwrüniň şanly menzillerini halkymyza paýlaýar.  Bu döwür türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  mähriban halky üçin ähli eşretleri, döwletli döwranlary döredip beren döwrüdir, bu döwürde yhlasyň myrat, tutan maksatlaryň rowaç bolýar.

         Men “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky “Bir okana bar, birem – dokana ”, “Bilimi zor müňüni ýykar, bilegi zor birini”, “Ýüz – okasaň  ýat, müň – okasaň  binýat” ýaly bilim baradaky nakyllary ürç edip okadym. Olaryň manysyna düşünip, öz durmuş ýolumda hemra edindim, okamak höwesim, yhlasym bagtly ýollara hyjuwlandyrdy. Türkmen halkynda dili senaly ýaşulularymyzyň ýürekden çykan sözi, aýtgysy, parasatly ýörelgesi durmuş tejribesinde kemala gelen öwüt- ündewlerine  uýup, akyl ýetirseň, olary durmuş ýoluňda hemra edinseň,  ähli arzuwlaryň hasyl bolýandyna aňry ýany bilen ynandym. 

         Men 2024-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Türkmen dili we edebiýaty dersinden I orna, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň, okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine gatnaşyp, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Türkmen dili we edebiýaty dersinden II orna mynasyp boldum. Ine bu gün hem,   ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika bilimi: Hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty ” hünäriniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagtyna mynasyp boldum. Maňa şeýle ajaýyp buýsanjy, bagtyýar talyp bolmak bagtyny beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden sag bolsun aýdýaryn.  Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Narmyradowa Enejan,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk 

institutynyň “Pedagogika bilimi(hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili 

we edebiýaty)” hünäriniň I ýyl talyby