2025-08-21
Gülleýän gül açýan Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz diýarymyz taryhy ösüşleri nazarlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze sepgitleriň aýdyň ýolundan barýar. Mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän her waka türkmeniň beýik döwletdigini äleme äşgär edýär. Men taryhda merdi-merdanalyk görkezen mert pederlerimiziň guran beýik döwletleri barada içgin gyzyklanyp, Türkmenistanyň taryhyna, dünýä taryhyna degişli kitaplary ürç edip okadym.
Men 2025-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Taryh dersinden I orna mynasyp boldum. Şeýle ajaýyp döwürde maňa-da Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh hünäriniň I ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, döwlet äjmiýetli Karary bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Häzirki döwürde täze bina Türkmenabat şäheriniň merkezini bezäp, göreni haýrana goýýar. Ine şeýle ajaýyp işler bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň taryhyň gatlaryna ýazylýandygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara halkara derejesine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga, öz ukyp başarnygyňy görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden sag bolsun aýdýaryn! Watanymyzyň güllemegi, abadan ýaşamagy, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ýazmuradow Mihman,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň “Taryh” hünäriniň I ýyl talyby