Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ylmy makalalaryň ýygyndysy neşir edildi
2025-10-18
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ylym-bilim ulgamynda batly gadamlar” atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi. Bu ýygyndy bäş bölümden, 508 sahypadan ybarat bolup, taryh we jemgyýetçilik, dil we edebiýat, tebigy, takyk ylymlaryna degişli, türkmen ylmynyň abraýyny ösdürmäge hem-de barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen, institutyň professor mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň, aspirantlarynyň taýýarlan nazary hem-de amaly häsiýetli, giň mazmunly 116 sany ylmy makalalar girizildi. Institutyň hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda, pedagogika, psihologiýa we okatmagyň usulyýetine bagyşlanan, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň köp taraplaýynlygyny häsiýetlendirýän, okatmagyň, ýaşlara bilim we terbiýe bermegiň häzirkizaman usullaryna bagyşlanan ylmy makalalara giň orun berildi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor mugallymlarynyň ýurdumyzda kabul edilen degişli Konsepsiýalary hem-de Maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly alyp barýan okuw-usuly we ylmy-usuly işleriniň netijeleri esasynda taýýarlanan bu ylmy makalalar ýygyndysy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy baýramçylygyna bagyşlanyp neşir edildi.