“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her bir güni toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Häzirki günlerde hem ýurdumyzyň çar künjeginde Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň çykyşlary we gutlaglary diňlenildi.
Institutyň “Altyn nesil” medeniýet merkeziniň “Bagtyýarlyk mukamy” atly talyplaryň çeper-höwesjeňler toparynyň Berkarar döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmegi dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.