jero-photo
news-photo

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-10-18

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – Berkararlygyň, Galkynyşyň we Rowaçlygyň sarsmaz binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

   Maslahatyň işi umumy mejlisde we 6 sany bölümçede alnyp baryldy. Maslahatda Garaşsyzlygyň milli demokratik esaslary, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen türkmeniň milli aňyýeti we millilik, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler, bilim we terbiýe bermegiň häzirkizaman usullary, şeýle-de ylmyň aýry-aýry ugurlary boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi.

  Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ylymly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ukyply, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.