STEM usulyýeti boýunça okuw-usuly maslahaty geçirildi
2025-10-18
Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalary bilim ulgamynyň işgärlerini bu ugurda netijeli işlere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda” bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “STEM bilimi: mekdebe çenli çagalar edaralaryndan ýokary okuw mekdebine çenli” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyň dowamynda institutyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň hem-de çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň nutuklary diňlenildi. Çykyşlarda bilim ulgamyna STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler, STEM usulyýetiniň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.