jero-photo
news-photo

Täze kitaplaryň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2025-10-30

    2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplary – “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň hem-de “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Täze neşirler ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabarada çykyş edenler bu kitaplaryň mazmuny, bölümleri, ylmy çeşme hökmündäki gymmaty dogrusynda gürrüň berdiler.

       Gahryman Arkadagymyzyň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, şonuň bilen baglylykda ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere bagyşlanýar. Kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde berilmegi onuň ylmy ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

    Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynyň XVII jildinde türkmen tebigatynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriň 107 sanysyna häsiýetnama berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabyň üsti bilen giň okyjylar köpçüligine dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, ylmy lukmançylykda ulanylyşy, dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýerleri, tebigatda dermanlyk gorunyň umumy ýagdaýy, ösümliklerden derman serişdelerini taýýarlamagyň usullary we ýollary, ynsan saglygyna peýdaly taraplary, dermanlyk çig mallary toplamagyň senenamasy, dermanlyk ösümlik çig mallarynyň saklanyş möhleti baradaky maglumatlary ýetirýär.