jero-photo
news-photo

“ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2025-10-30

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda institutyň zenan mugallymlarynyň, talyplarynyň we Lebap welaýatynyň kümüş saçly eneleriniň, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş  edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Zenan gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny,  eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzyň bagtyýarlygyny talyp gyzlara wagyz etmek hem-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.