jero-photo
news-photo

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ugrunda hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär

2025-12-14

      2025-nji ýylyň 20-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming ştatynyň Larami şäherinde ýerleşýän Waýoming uniwersitetinde (University of Wyoming, UW) hem-de Montana ştatynyň Mizula şäherinde ýerleşýän Montana uniwersitetinde (the University of Montana) bolup, duşuşyklarda iki tarapyň ýokary we orta hünär bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, professor-mugallymlaryň hünär kämilligini artdyrmak, okatmagyň we öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilim ulgamynda geljegi nazarlaýan anyk wezipeleri kesgitlemek we olary durmuşa geçirmek boýunça duşuşyklar geçirildi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dil we pedagogika, inklýuziw bilim, okatmagyň usulyýeti bilen bagly dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alyp, tejribeleri paýlaşmagyň hem-de ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary we ylmy-barlag işleri durmuşa geçirmekde, ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim taslamalaryna gatnaşmagyny üpjün etmekde gazanylan ylalaşyklar möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.