2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti” kafedrasynyň mugallymlary B.Kurbanowyň we A.Akmuradowanyň awtordaşlygynda taýýarlanan “Inklýuziw bilim şertlerinde mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek” atly okuw-usuly gollanma neşir edildi. Gollanmada mümkinçiligi çäkli çagalary terbiýelemek boýunça bar bolan usulyýet we nazaryýet düzgünlerini umumylaşdyrmak, olary düzgünleşdirmek meselelerine seredilýär. Gollanma mümkinçiligi çäkli çagalary psihologiki we pedagogiki bahalandyrmak, bilim emosional-erk sferasynyň ösüş aýratynlyklary ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem, gollanmada mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemekde kömekçi-tehnologiýalaryň we elýeterli gurşawyň girizilmegi barada bellenilip geçilýär. Inklýuziw hyzmatdyşlyk tehnologiýasy özüniň aýratyn gurluş bölekleri, adatdan daşary ýörelgesi bilen täze toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik prosesini aňladýar we şübhesiz ösüş mümkinçiliklerine eýedir. Okuw-usuly gollanma mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işleýän mugallymlar, hünärmenler we talyplar üçin niýetlenip, onuň halkara neşirýaty tarapyndan neşir edilmegi aýratyn bellärliklidir.