jero-photo
news-photo

Howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan Ýaşlar maslahaty

2024-10-22

         2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzda howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Maslahata Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, BMG-niň agentliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri, Lebap welaýat Tebigaty goramak jemgyýetiniň, “Täze zaman” ylmy önümçilik birleşiginiň agzalary gatnaşdylar. Olar maslahatda öz nutuklary bilen çykyş etdiler. Geçirilen Ýaşlar maslahatynda howanyň üýtgemegi, ekologiýa okuw maksatnamalarynyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy, daşky gurşawy gorap saklamakda ýaş alymlaryň we talyplaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahat umumy mejlis bilen başlanyp, dört bölümçede dowam etdi.