2025-12-02
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň gurnamagynda Pars dili dersi boýunça webinar sapagy geçirildi. Sapaga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan pars diline ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we VII synp okuwçylary hem-de institutyň Pars dili we edebiýaty hünäriniň tejribeçi talyplary gatnaşdylar. Webinar sapagy “فصل ها و ماه ها (pasyllar we aý atlary)” diýen temada geçirilip, onda tema degişli prezentasiýalar, wideo rolikler görkezildi. Sapakda peýdalanylan okatmagyň döwrebap usullary okuwçylaryň bu derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.