Bütindünýä Türki diller maşgalasy güni 15-nji dekabrda belleniler ÝUNESKO 15-nji dekabry Bütindünýä Türki diller maşgalasy güni diýip tassyklady
2025-12-14
ÝUNESKO-nyň Samarkantda geçirilen Baş Konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda ähmiýetli karar kabul edildi: 15-nji dekabr Bütindünýä Türki diller maşgalasy güni diýlip yglan edildi. Bu gün her ýyl bellenilip, türki dilli halklaryň umumy dil, medeni we taryhy mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini nygtaýar.
Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däl: ol türki siwilizasiýasynyň taryhyndaky möhüm waka – 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly alym Wilgelm Tomseniň Orhon ýazgylarynyň okalyş syrlaryny açmagy bilen baglanyşyklydyr. VIII asyra degişli bu ýazgylar türki dilleriniň umumy köklerini açyp görkezýän iň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biridir we baý medeni mirasyň ykrar edilmegini alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda türki dillerinde umumy taryh we medeni gymmatlyklar bilen birleşen 200 milliondan gowrak adam gürleýär.
ÝUNESKO-nyň 194 ýurduň wekillerini birleşdirýän Baş Konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň çäginde Bütindünýä Türki diller maşgalasy güniniň tassyklanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem alymlar we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çärä türki medeniýetiniň we mirasynyň ilçisiniň, şeýle hem "Turan" etno-folklor ansambliniň çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy.