“Informatikadan mesele çözmek” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Informatika we ony okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň mugallymlary M.Berenowyň, A.Taňryberdiýewanyň we "Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň mugallymy M.Rahmedowyň awtordaşlygynda taýýarlanan “Informatikadan mesele çözmek” atly okuw gollanmasy neşir edildi.
Okuw gollanmasy fizika, matematika we informatika hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Gollanmada meseleler, olaryň çözüwleri we temalar boýunça özbaşdak çözmek üçin niýetlenen meseleler getirilýär. Çözüwlerde PascalABC programmalaşdyrma dilinde düzülen programmalar we olary kompýuterde sazlamak üçin barlag testleri berilýär. Gollanmadan inžener-tehniki hünärleriniň talyplary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ylmy işgärler we kompýuterde mesele çözmek bilen meşgullanýan beýleki okyjylar peýdalanyp bilerler.