“Sanlar dünýäsi” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň "Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň mugallymy M.Rahmedowyň awtordaşlary O.Seýitkulyýewa hem-de O.Kulyýewa bilen taýýarlanan “Sanlar dünýäsi” atly okuw gollanma neşir edildi.
Okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriň talyplary hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary üçin niýetlenendir. Gollanmada ilkinji sanlaryň we san belgileriniň beýan edilişi, sanamak sungatynyň kämilleşdirilişi we ösdürilişi, hasaplamalaryň ýerine ýetirilişiniň algoritmi barada maglumatlar getirilýär. Bu okuw gollanmasyndan matematika we informatika mugallymlary, ylmy işgärler, matematika we onuň taryhy bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar peýdalanyp bilerler.