jero-photo
news-photo

“С++ dilinde programmirlemek” atly okuw gollanmasy neşir edildi

2025-12-14

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Informatika we ony okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň dosenti M.Berenowyň taýýarlan “С++ dilinde programmirlemek” atly okuw gollanmasy neşir edildi.

Gollanmada C++ dilinde programmirlemegiň esaslary umumy okuwlar görnüşde beýan edilen. Her temanyň soňunda anyk mysallaryň üsti bilen mesele çözmegiň usullary görkezilen. Meseleleriň çözüwlerinde C++ dilinde düzülen programmalar we olary kompýuterde sazlamak üçin testleriň berilmegi gollanmanyň gymmatyny artdyrýar.

Bu okuw gollanmadan esasan “Fizika we informatika”, “Matematika we informatika” hem-de inžener-tehniki hünärleriniň talyplary peýdalanyp bilerler.