“С++ amaly sapaklarda” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Informatika we ony okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň mugallymlary M.Berenowyň we D.Muhanowyň awtordaşlygynda taýýarlanan “С++ amaly sapaklarda” atly okuw gollanma neşir edildi.
Gollanmada ilki her tema boýunça meseleleriň sanawy berlip, onuň yzyndan şol tertipde olaryň çözüwleri ýerleşdirilen. Meseleler, mümkin boldugyça, kynlyk derejeleriniň artýan görnüşinde tertipleşdirilen.
Çözüwlerde C++ dilinde düzülen programmalar we olary sazlamak üçin testler berilýär. Gollanmanyň soňunda her tema boýunça özbaşdak işlemek üçin meseleler hödürlenilýär.