“С++ tejribe sapaklarda” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Informatika we ony okatmagyň usulyýeti” kafedrasynyň mugallymlary M.Berenowyň we A.Taňryberdiýewanyň awtordaşlygynda taýýarlanan “С++ tejribe sapaklarda” atly okuw gollanma neşir edildi.
Okuw gollanmasy “Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary” dersinde “C++ dilinde programmirlemek” bölümi boýunça tejribe sapaklar üçin niýetlenen.
Gollanmada her tema boýunça aýratynlykda tejribe işleriniň ýazgylary we nusgalyk çözüwler berilýär. Nusgalyk çözüwlerde C++ dilinde düzülen programmalar we olary kompýuterde sazlamak üçin barlag testleri berilýär.
Okuw gollanmasyndan “Fizika we informatika”, “Matematika we informatika” we inžener-tehniki hünärleriniň talyplary peýdalanyp bilerler.