“Kömekçi taryh dersleri” atly okuw kitaby neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Mamajan Agamyradowanyň we Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Kullaýewanyň ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin taýýarlan “Kömekçi taryh dersleri” atly okuw kitaby neşir edildi.
Okuw kitabynda paleografiýa, metrologiýa, hronologiýa, numizmatika, sfragistika, geraldika, genealogiýa, onomastika, etnonimika, antroponimika, toponimika ýaly kömekçi taryh ylymlary, olaryň öwrenýän obýekti, derňew usullary, beýleki ylymlar bilen baglanyşygy dogrusynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, şeýle hemkömekçi taryh dersleri bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.