“Sözleýiş medeniýeti boýunça amaly ýumuşlar” atly elektron okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kefedrasynyň uly mugallymy Mährijemal Jumaýewanyň taýýarlan “Sözleýiş medeniýeti boýunça amaly ýumuşlar” atly elektron okuw gollanmasy neşir edildi. Elektron okuw gollanmasy umumy orta bilim berýän mekdepleriň V-XII synplary üçin niýetlenen. Elektron okuw gollanmasynda okuwçylara edebi diliň orfoepik, orfografik, leksik, grammatik, stilistik, dyngy belgileri dogry ulanmagyň düzgünlerini we diliň çeperçilik serişdelerini sanly ulgamyň üsti bilen öwretmegiň tärleri, döwrebap usullary hödürlenilýär. Gollanmada türkmen dilini okatmagyň usulyýetinde bar bolan ýörelgeler bilen birlikde medeniýet bilen baglylyk ýörelgesine hem aýratyn ähmiýet berilipdir.