jero-photo
news-photo

Uçurymlar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2025-12-14

   Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuwy tamamlaýan uçurymlaryň hem-de Türkmenistanyň prokuratura işgärleriniň  gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 11-13-nji noýabry aralygynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça düşündiriş wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek hem-de olaryň hukuk sowatlylygyny ösdürmek dogrusynda çykyşlar edildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapyp, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda geljekde öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyny ynandyrdylar.